TEHNOLOGIÝA

Ýangyç bilen işleýän ulaglaryň satylmagy gadagan ediler

Kanadanyň Kwebek welaýatynda 2035-nji ýyldan başlap, gazylyp alynýan ýangyç bilen işleýän awtoulaglaryň satylmagyny gadagan etjekdigini habar berdi. Bu döwlet hapa gazlarynyň zyňyndylaryna garşy göreşmek we elektrik awtoulaglarynyň ulanylyşynyň sanyny ýokarlandyrmak maksat edinýärler. Bu maksadyň geçiş meýilnamasy 5 milliard dollardan ybarat bolup durýar.

Kwebek welaýaty 2030-njy ýyla çenli zyňyndy derejesini 1990-njy ýyldaky derejesine ýetirmek isleýärler. Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo howanyň üýtgemegine garşy göreşde ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin düýpli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi. Ýurduň hökümeti elektrikli awtoulaglaryň bahalaryny has amatly etjekdigi we ýurt boýunça elektrikli awtoulaglara zarýad bermek beketlerini gurmak  üçin maýa goýjakdygyny nygtap geçdi.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Related posts

«Vivo X50» smartfonyň satuwa çykmagyna az wagt galdy

Çipden soň magniý ýetmezçiligi

Satuwyň ilkinji minutlarynda 42 million dollar gazandy