TEHNOLOGIÝA

5G ulgamly telefon bazarynyň öňdebaryjysy

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy elýeterli modelleri bilen 5G Android ulgamly smartfon satuwynda öňdebaryjy boldy.

Ulanyjylara ýokary tizlikli internet hödürleýän 5G tehnologiýasy soňky ýyllarda smartfonlarda hem peýda boldy. Köp ýurt entek bu tehnologiýa taýyn däl bolsa-da, käbir ýurtlar eýýäm 5G infrastrukturasyny döretdiler we ulanmaga başladylar.

“Strategy Analytics” kompaniýaysnyň maglumatlaryna görä, “Xiaomi” 5G ulgamly “Android” smartfon bazarynda dünýäde birinji marka bolandygyny mälim etdi. Hytaý kompaniýasy şu ýylyň ikinji çärýeginde 5G ulgamly “Android” smartfon bazarynda 25,7 göterim paýa eýe boldy.

Bu döwürde kompaniýanyň “Mi” we “Redmi” markaly 5G ulgamly smartfonlaryň 24 millionyny satdy.

18,5 göterim bazar paýy bilen “Vivo” kompaniýasy ikinji orunda, “Oppo” şereketi bolsa 17,9 göterim paý bilen üçünji ýerde durýar.

Beýleki tarapdan Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 16,7 göterimlik paýy bilen dördünji orny eýeledi.

 

Täze goşgular ýygyndysyna uly gyzyklanma

Related posts

Kosmos syýahatçylygy: petegiň bahasy 450 müň $

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

«Apple» täze howa maglumatyny çaklaýan programma satyn aldy