TEHNOLOGIÝA

Çagalary synlamak üçin akylly lampalar

«TikTok» gysga wideo programmasyny öndüriji «ByteDance» kompaniýasy ilkinji bolup 120 dollarlyk lampalary hödürläninden bäri «akylly» öý lampalarynyň meşhurlygy artdy. Ene-atalar eýýäm ilkinji aýda 10 müň lampa satyn aldylar.

Önümiň meşhurlygy «ByteDanceni» marketingini we bäsdeşlerini öz nusgalaryny çykarmagy güýçlendirmäge iterdi. Çyralar iki sany kamera bilen üpjün edilendir. Olaryň biri çaga seredýän, beýlekisi bolsa ýokardan görünýän bolup, ene-atalara çagalary okaýarka, uzakdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Her bir çyra emeli intellekt kömegi bilen matematiki meseleler we kyn sözler barada maslahat berýän smartfon ölçegli ekran birikdirilendir. Çyranyň aýratyn görnüşleriniň biri bolsa çagalary nädogry hereket edenlerinde ene-atalara duýduryş we surat iberýär. Çyranyň bu görnüşi şu aýyň başynda Hytaýyň iň uly elektron söwda platformalarynda satuwa çykaryldy.

 

Türkmenistanda galla oragyna badalga berilýär

 

 

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar