TEHNOLOGIÝA

“Ýylyň iň owadan awtoulagy” saýlandy

“Audi e-tron GT” awtoulagy Germaniýada geçirilen “Altyn rul” baýraklarynda “Ýylyň iň owadan awtoulagy” kategoriýasynda birinji ýeri eýeledi. 70 awtoulagyň gatnaşmagyndaky kategoriýada ýeňiji “Auto Bild” žurnalynyň we “Bild am Sonntag” gazetiniň okyjylarynyň ses bermeginde kesgitlenildi.

45-nji gezek geçirilýän bu baýrak gowşurylyş dabarasynda “Audi e-tron GT” awtoulagy “Ýylyň iň owadan awtoulagy” kategoriýasynda birinji orna mynasyp boldy.

Şeýle bäsleşik hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy 1976-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ol Germaniýanyň iň gadymy awtoulag baýraklarynyň biridir.

Bu gezekki bäsleşikde 12 kategoriýada awtoulaglar baş baýrak üçin bäsleşdiler.

“E-tron GT” 2026-njy ýyldan başlap bazara diňe elektrik modellerini hödürlemäge taýynlanýan “Audi” markasydyr.

 

YHG-niň işewürlik forumy geçiriler

Related posts

Tebigaty synlamak üçin robot guş döredildi

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 82 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirer

21-nji aprel Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni

Ata Watan Eserleri