TEHNOLOGIÝA

“Samsung Galaxy Note 20” 5G akylly telefony

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy “Note” görnüşli akylly telefonlaryny uly ekranly edip öndürýär. Muña garamazdan, “ Samsung Galaxy S20 Ultra” 6,9 dýumly ekranly akylly telefony çykardy. Täze çykaryljak “Samsung Galaxy Note 20” 5G taryhda iñ uly ekranly akylly telefon diýlip hasaplanylar. Daşky görnüşi boýunça “Samsung Galaxy Note 20” 5G, “Samsung Galaxy S20 Ultra”-dan örän tapawutlanýar. Akylly telefonyñ arka tarapynda kese görnüşinde telefonyñ kamerasy ýerleşdiriler. Telefonda 108 megapikselli kamera ornaşdyrylar we suraty ýakyn aralykda düşürmek üçin 10 esse ulaldyp bolar.

Şeýle hem elektrik “S Pen” taýajygy, goşmaça funksiýalary bilen dörediler. “Letsgodigital” habar saýtynyñ habar bermegine görä, “Samsung Galaxy Note 20” 5G akylly telefony şu ýylyñ ikinji ýarymynda ulanyşa hödürlener.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar