TEHNOLOGIÝA

Täze “Audiler” peýda bolar

“Volkswagen” Hytaýyň Hefei şäherinde “Audi” -iň elektron öz-özüni dolandyrýan modeliniň aýratynlyklaryny synagdan geçirer. Synaglar indiki aýda başlar.

Soňky döwürlerde kompaniýanyň Hytaý bilen hyzmatdaşlygy artýar. Doly elektrikli hem-de öz-özüni dolandyrýan awtoulag tehnologiýalaryny ösdürýän kompaniýalaryň biri bolan nemes awtoulag öndürijisi “Volkswagen” geçen ýylyň maý aýynda Hytaýyň elektrik ulagy öndürijisi JAC-yň 50 göterim paýyny 1,18 milliard dollara satyn aldy. Mundan başga-da kompaniýanyň Hytaýda “FAW Group” we “SAIC” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy bar. Şeýle-de “Volkswagen” geçen aý ABŞ-da ýerleşýän “Argo AI” atly awtonom ulag başlangyjyna 2,6 milliard dollar maýa goýdy.

 

Related posts

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

“iPhone” bilen ulagyň gapysyny açyň!

Dünýädäki iň baý adam ölümsizlik startapyna maýa goýdy