TEHNOLOGIÝA

Elektrik ulaglarynyň önümçiligini artdyrar

“BMW” we “Volkswagen” kompaniýalary islege laýyklykda ilkinji elektrik modelleri bolan “i3” we “e-Golf” üçin önümçiligini artdyrmak kararyna geldi. Elektrikli awtoulaglara bolan isleg günsaýyn artýarka, ägirt markalar bu bazardaky ýaryşa ýolbaşçylyk etmek üçin işlemegini dowam etdirýärler.

“BMW” 2020-nji ýylda Leýpsigdäki zawodynda “i3” modeliniň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda günde 114 “BMW i3” öndürýän desga şu ýylyň dowamynda bu sany 130-a ýetirer. 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda “BMW” 12,500 doly elektrik “i3” öndürdi.

“Volkswagen” -iň ilkinji elektrik modellerinden biri bolan “e-Golf” modeliniň önümçiligi hem artar. “Volkswagen” häzirki wagtda günde 74 “e-Golf” öndürip biler we ýylyň ahyryna çenli bu sany 80-e ýetirer. 20-nji iýulda Wolfsburgdaky zawodda bes edilen “e-Golf” häzirki wagtda Drezden şäherindäki desgada öndürilýär.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi