BIZNES

Internetdäki moda görkezişleriniň uly ýitgisi

Koronawirus pandemiýasy moda görkezişlerine hem özüniň oňaýsyz täsirini ýetirýär. Ýylyň şu möwsüminde Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde adatça, moda hepdelikleri geçirilýär.  Oňa dünýäniň dürli künjeginden köp sanly moda muşdaklary gelýärdi.

Koronawirus sebäpli täze moda lybaslaryny hödürlän dünýä belli moda öýleri täze formatda işlemäge mejbur boldular. Moda görkezişleri sanly ulgama geçirildi. Sanly ulgamdaky moda görkezişleri Pariž şäheriniň girdejisine hem täsir etdi.

Moda hepdelikleri Pariž şäherine her ýyl 1,2 milliard ýewro girdeji gazandyrýan eken. Şeýle hem lybaslaryň görkeziliş dabaralary Parižiň ykdysadyýetine goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, şäheriň dünýädäki abraýynyň hem has-da ýokarlanmagynda möhüm rol oýnaýar.

Şonuň üçin sentýabr aýynda Pariždäki moda görkezişliklerini adamlaryň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu çäreleriň ekologiýa taýdan arassaçylygy babatda hem degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşkabat 2017 Oyunları dünyada büyük yankı uyandırdı

vepa

«Bir guşak, bir ýol» forumy: 97.2 milliardlyk şertnamalar baglaşyldy