SPORT

Ilkinji Olimpiýa rekordy: 12 ýaşly türgen Tokio barýar

Ýaponiýada geçiriljek Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji rekordy: skeýtbordçy Skaý Braun Beýik Britaniýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň ýaş türgen boldy. Ol resmi taýdan Beýik Britaniýanyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy.

“Bu gyzykly bolar. Men Olimpiýa oýunlaryna gidýärin. Dostlarym gaty begendi. Men bolsa bagtly “-diýip ýaş türgen gürrüň berdi.

Skeýtbord boýunça ýaryşlar başlan döwründe Skaý Braun 13 ýaşynda bolar. Bu Beýik Britaniýa üçin rekord. Skaý gaty ýaşdygyna garamazdan, sportuň bu görnüşi boýunça iň gowularyň biridir. Ol 8 ýaşyndan bäri sportuň bu görnüşi bilen türgenleşip gelýär. Ýaş gyzjagaz sportuň bu görnüşiniň reýtinginde 3-nji orny eýeleýär.

Skaý häzirden dünýäde uly meşhurlyk gazandy. Onuň köp sanly sport brendleri bilen iri şertnamalary bardy. BRaunyň kakasy britaniýaly, ejesi ýapon. Ol Beýik Britaniýanyň ýygyndysyny saýlap aldy. Oňa öz sport ugry boýunça türgenleşmäge gowy şertler döredildi.

 

Tokio-nyň rekordlary: eýranly ilkinji agyr atletikaçy

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy