DÜNÝÄ

Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen  Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen duşuşdy.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibininň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşysy türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň köp ugurlarda okgunly ösüşe eýe bolýandygy belleýär. Olaryň tapawutlandyrýan aýratynlygy, iki döwletiň arasynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagydyr we ýokary derejede dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň çalt ösýändigini, energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy beýan etdiler. Bu nukdaýnazardan, ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilginiň bardygyny we olaryň durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarjakdygy nygtaldy.

Şeýle hem taraplar “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa we HHR-iň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi