Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi.
***
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow HHR-nyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomatlar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler, çünki taraplaryň bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr.
Iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň DIM-niň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklary dikeltmek, şeýle-de ýurtlaryň ugurdaş düzüm birlikleriniň özara duşuşyklaryny geçirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugy boldy.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Sýan Naýçen Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.
***
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gönükdirilen işinde üstünlik gazanmagyny we belent sepgitlere ýetmegini arzuw etdi.
Diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýanyň arasynda dürli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli esasda geçirilýän gepleşikleriniň netijeli özarahereketleriň ösdürilmegine we has-da pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenildi.
Diplomatlar söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Hyundai Engineering» we «LG International» ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky köp ýyllyk işjeňliginiň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da IT infrastrukturalary, energetika we zamanabap tehnologiki çözgütler ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Parlamentariýleriň, ylmy toparlaryň we işewürlik-düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy beýan edildi. «Merkezi Aziýa – Koreýa» hyzmatdaşlyk boýunça Forumyň hem-de «Merkezi Aziýa – Koreýa» Işewürlik geňeşiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Taraplar bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistandaky Koreý diliniň öwrenilmegi boýunça Patyşa Sejong adyndaky Okuw merkeziniň ähmiýeti hem aýratyn bellenilip geçildi.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Şin Song-çol Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy