DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň konsullary Astrahanyň gubernatory bilen duşuşdy

«2021-nji ýyl Hazarýaka döwletleriniň dostlugynyň taryhynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Biz bu ýyl bilelikdäki halkara çäreleriň birnäçesini geçireris» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Hazarýaka döwletleriň bu sebitdäki konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Duşuşyga Eýranyň we Gazagystanyň şäherdäki konsullyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýew hem gatnaşdy.

Taraplar, hususan-da, şu ýyl Moskwa şäherinde geçiriljek II Hazar ykdysady forumynyň uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, bu forum gözbaşyny 2019-njy ýylda Türkmenistanda ― «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumdan alyp gaýdýar. Astrahanda däbe öwrülen Hazarýaka döwletleriniň metbugat maslahaty bolsa şu ýyl taryhynda altynjy gezek geçiriler.

Hazar deňziniň üsti bilen bitewi ulag ulgamynyň döredilmegi ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Gubernator bu ulgamyň sebitde syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.

5-nji martda bolsa Hazarýaka döwletleriniň ýaşlarynyň duşuşygy bolar. Bu çärä gubernatoryň hut özi gatnaşar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/otly-gatnawy-boyunca-bilip-goymaly-duzgunler/

Ýene-de okaň

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri