JEMGYÝET

Otly gatnawy boýunça bilip goýmaly düzgünler

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçiren mejlisiniň kararyna laýyklykda Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat ugrunda otly gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilendigini şu gün «Türkmen gündogary» welaýat gazeti hem resmi bildiriş bilen habar berdi.

Eýsem, täze gatnawlar üçin nähili talaplar we düzgünler bar. Bular barada gyzyklanyp, Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugyndan aşakdaky maglumatlar alyndy:

― Türkmenabatdan Aşgabat şäherine ugrajak raýatlar demir ýol menzilinde gurnalan içki migrasiýa seljeriş toparyna ýüzlenmeli. Şunda gidişiň esasly bolmagyna aýratyn üns berler;

― «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatlara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda, ýolagçylardan COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy baradaky kepilnama soralar. Munuň üçin olar Türkmenabadyň demir ýol menzilinddäki lukmançylyk otagynda nusgalyk tabşyrmaly bolarlar. Barlagyň jogaby hem şol ýerde berilýär.

― ýolbeletler otlynyň ugramazyndan 6 sagat öň, soňky menzile ýetlip, ýolagçylaryň ählisiniň düşmeginden soň we otlynyň hereket edýän döwründe her 3-4 sagatdan wagonlarda zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli;

― ýokarda görkezilen kepilnamasy bolmadyk we bedeniniň gyzgyny 37-den geçýän ýolagçylar otla goýberilmez;

― otla münüljek wagtynda degişli demir ýol menziliniň saglygy goraýyş nokadynyň işgärleri her bir ýolagçynyň bedeniniň gyzgynlygy ölçär. Şeýle hem olaryň burun boşlugyna oksolin melhemi çalnyp, elleri zyýansyzlandyrylar;

― ýolagçylar gatnawyň bütin dowamynda agyz-burun örtükleri dakylan bolmalydyr. Şeýle hem olardan kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenasynyň düzgünlerine berk eýermek talap ediler;

― otlular häzirlikçe diňe Aşgabat we Türkmenabat demir ýol menzillerinde saklanar;

― gatnawyň dowam edýän wagtynda ýolbeletler we ulaglardaky polisiýanyň wekilleri ýolagçylaryň bildirilen talaplara eýermegine gözegçilik ederler.

― gatnawlar küpe görnüşli wagonlarda amala aşyrylyp, her küpä 2 ýolagçy alnar. Şeýlelikde, gatnawyň synag tapgyrynda otlynyň ýolagçy mümkinçiligi iki essä çenli azaldylar.

 

Demir ýol gatnawlarynda hoş habar: synag gatnawlary ýola goýulýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi