Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Serhet institutynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy polkownik Ýazgeldi Nuryýewe general-maýor harby ady dakyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy polkownik Maksat Hudaýgulyýewe general-maýor harby ady dakyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy podpolkownik Amanmuhammet Sazakowa polkownik harby ady dakyldy.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler ministri polisiýanyň polkownigi Muhammet Hydyrowa polisiýanyň general-maýory diýen ýörite ady dakyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň adalat ministri ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Taganowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.
