JEMGYÝET

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Arslan Gurbannazarow Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellendi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ozalky rektor Baýram Taňryberdiýew bolsa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellendi.

INSTITUT BARADA…

Türkmen döwlet maliýe institutynda häzirki wagtda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hünär maksatnamalarynyň 10-sy, bakalawr maksatnamalarynyň 12-si we magistr maksatnamasynyň 1-si boýunça Maliýe, Bank işi, Salgytlar we salgyt salmak, Hasap we audit fakultetlerinde alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady