JEMGYÝET

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory Aknabat Atabaýewa başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Baýram Taňryberdiýew Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Aknabat Atabaýewa 2022-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadylypdy.

INSTITUT BARADA…

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment we Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar, şeýle-de Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bolup, onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, bank ulgamynyň we dürli kärhanalaryň hünärmenleri goşmaça taýýarlyk okuwyny geçýärler. Institutda Buhgalterçilik  hasaba alnyşy we audit, Statistika, Ykdysadyýet we hukuk, Ykdysady nazaryýet, Maliýe,  Bank işi, Sanly ykdysadyýet,  Menejment, Maglumat ulgamlary, Dünýä ykdysadyýeti, Marketing, Zähmetiň ykdysadyýeti ýaly gutardyş kafedralary hereket edýär. Şonuň ýaly-da Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika we informatika, Bedenterbiýe ýaly fakultetara kafedralar hereket edýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady