JEMGYÝET

Türk kompaniýalarynyň 100-e golaýy eksport harytlarynyň sergisine gatnaşarlar

30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew şu ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sergä doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjy kompaniýalar, esasan, senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy we üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, şeýle hem barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikasynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ýurduň eksport harytlarynyň sergisine we işewürler maslahatyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi