JEMGYÝET

Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy taýýarlanar

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäherini yzygiderli ösdürmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde, paýtagtymyzyň çägi barha giňeldilýär. “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen baş şäherimiziň gözelligini has-da artdyrmak, binagärlik keşbini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Aşgabadyň täze baş meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyz Aşgabadyň günsaýyn özgerýändigini, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň şäher durmuşyna giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmekde esasy talap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi