JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Samarkant şäherine bardy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Özbegistanyň gadymy taryhy şäheri hasaplanýan Samarkant şäherine bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Samarkantyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar garşylady.

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin  Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de guramanyň synçy agzasy Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban düýn Özbegistanyň Samarkant şäherine bardylar.

 

Related posts

Prezident Aliýewiň sapary başlaýar

vepa

Lapis Lazuli projesinde yeni adım

vepa

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment