JEMGYÝET

Türkmenistan her ýyl 9 milliard kubmetr tebigy gazy Yraga iberer

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden “swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ozal “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Türkmen tarapy geljegi uly, täze hyzmatdaşlaryň hatarynda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birnäçesi bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini ileri tutýar. Şol döwletler energetika babatda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler we ýokary derejede başlangyçlaryny hödürleýärler. Şeýle döwletleriň hatarynda Yrak Respublikasyny görkezmek bolar.

Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi