JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 18-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçildi.

Bu dabaralara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabarada Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül desseleri goýuldy. Bu ýere ýygnanan ähli watandaşlarymyz Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular. Bu jebisligiň, agzybirligiň, bitewüligiň nyşanydyr.

Related posts

UNICEF Temsilcisi “Atavatan Türkmenistan” için yazdı.

vepa

AIPS’nden Türkmenistan Devlet Başkanına Ödül

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitaby – “HAKYDA GÖWHERI”

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment