Gresiýa 2027-nji ýyldan başlap, 15 ýaşyndan kiçi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan eder. Bu barada Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis mälim etdi diýip, “Bloomberg” agentligi habar berýär.
Onuň bellemegine görä, degişli kararnama 2026-njy ýylyň tomsunda kabul ediler we 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. «Gresiýa şeýle başlangyç bilen çykyş edýän ilkinji ýewropa ýurtlarynyň biridir, emma munuň iň soňky bolmajakdygyna ynanýaryn» diýip, Misotakis belledi we Gresiýanyň maksadynyň Ýewropa Bileleşigine bu ugurda çäreleri görmäge çagyrdy.
Premýer-ministriň pikiriçe, sosial ulgamlar çagalarda biynalyklygy, uky bozulmalaryny we öwrenişme ýagdaýyny döredýär. Ekran öňünde uzak wagtlap oturan çagalaryň beýnisi dynç almaýar we internetdäki yzygiderli deňeşdirmeler hem-de teswirler sebäpli artýan basyşa sezewar bolýarlar.
Bu ädim Gresiýany çagalaryň we ýetginjekleriň sosial ulgamlary ulanmagyny çäklendirmäge çalyşýan ýene bir ýewropa ýurduna öwürýär.
“Bloomberg”-iň habaryna görä, ýanwar aýynda Fransiýa 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary gadagan etmek barada ses berdi. Ispaniýa hem çagalaryň «Instagram» ýaly ulgamlara girmegini bökdejegini mälim etdi. Portugaliýa bolsa ýaňy-ýakynda 16 ýaşdan kiçi şahslar üçin sosial ulgamlary çäklendirýän kanun taslamasyny makullady.
