SPORT

Garri Keýnden taryhy “gol”

Angliýanyň milli çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň merkezi duşuşyklarynyň biri bolan “Tottenhem” bilen “Mançester Siti” toparlarynyň arasyndaky oýunda tapawutlanan Garri Keýn taryha girdi.

Bu duşuşyk çempionlyk ugrunda bäsleşýän “Mançester Siti” topary üçin möhüm ähmiýete eýedi. Sebäbi 22-nji tapgyrda çempionatda birinji orunda barýan “Arsenal” topary myhmançylykda “Ewerton” toparyndan 1:0 hasabynda utulypdy.

Şonuň üçin diňe ýeňiş üçin meýdança çykan “Mançester Siti” toparyna bu başartmady. Duşuşygyň ýeke-täk goluny “Totenhem” toparynyň iňlis hüjümçisi Garri Keýn öz adyna ýazdyrdy. Bu gol onuň resmi duşuşyklardaky 267-nji goly boldy we öz toparynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Şeýle hem Keýn Angliýanyň milli çempioantyndaky 200-nji goluny geçirdi. Bu ugurda häzirki wagtda öňdeligi Alan Şirer 260 gol we Ueýn Runi 208 gol bilen öňde barýar.

Häzirki wagtda Angliýanyň çempionatynda 50 utuk bilen “Arsenal” birinji orunda, 45 utuk bilen “Mançester Siti” topary ikinji orunda barýar. “Tottenhem” topary bolsa 39 utuk bilen 5-nji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy