SPORT

Nuri täzeden dünýä geldi

Niderlandlaryň meşhur “Aýaks” toparynyñ öñki oýunçysy Abdelhak Nuri 2 ýyl 8 aý we 19 günden soñra komadan açyldy. 22 ýaşly oýunçy özi oturyp we iýip-içip bilýär diýip, habar berýärler. Nuri 2017-nji ýylyñ 8-nji iýulynda “Werder” toparyna garşy geçirilen duşuşykda ýürek urşunyñ pese gaçmagy bilen özünden gidýär we gaýragoýulmasyz hassahana ýerleşdirilýär. “Aýaks” toparynyñ habar bermegine görä, oýunçynyñ beýnisine agyr şikes ýetipdir diýip, bellenip geçilýär. Häzirki ýagdaýda oýunçynyñ saglyk ýagdaýy örän gowy.

Related posts

Pekin-2022: Medal alan ýurtlaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ýulduz Jumabaýewa “altyn” medalyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika: dünýä rekordlary we 28 medal!