SPORT

Türkmenistanly türgenler halkara ýaryşyň birinji gününde 14 medal gazandy

Paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar.

Ýaryşyň maksatnamasynyň birinji görnüşi — türkmen milli göreşi boýunça 8 medal toplumy ugrunda bäsleşiklere orun berildi. 8 agram derejesiniň ählisinde türkmen türgenleri ýeňiji boldular.

Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş medal, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar.

Şeýlelikde, birinji günüň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary jemi 14 medal (8 altyn, 5 kümüş, 1 bürünç) gazandy. 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gyrgyzystanyň topary ikinji; 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen Owganystanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeleýär. Özbegistanyň topary 3 bürünç medal, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň toparlary bolsa hersi bir bürünç medal gazandylar.

 

Ýene-de okaň

Russiýanyň çempiony – “Krasnodar”

Italiýanyň çempiony – “Napoli”

“Barselona” topary Rafinýa bilen täze şertnama baglaşdy

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar