SPORT

Futbol janköýerleri wizasyz Russiýa gelip bilerler

Şu ýylyň tomsunda Ýewropa boýunça futbol çempionaty guralar. Ýewropanyň 11 şäherinde 11-nji iýun-11-nji iýul aralygynda geçiriljek çempionatyň 7 duşuşygy Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Gazprom Arena” stadionynda oýnalar.

Bu stadion we onuň türgenleşik meýdançalary duşuşyklary geçirmäge taýýar edildi. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow habar berdi.

Duşuşyklarda stadion 50 göterim doly bolar. Bu döwürde Russiýa geljek futbol janköýelerinden wiza talap edilmeýär. Olar janköýer resminamasy bilen şähere gelip, futbol duşuşygyna tomaşa edip biler.

 

Kowid 19:köpçülikleýin immunitet gazanan ilkinji ýurt

Ýene-de okaň

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy