SPORT

Futbol toparlary gyşky transfer döwründe 1.46 milliard sarp etdiler

Futbol klublarynyň gyşky transfer döwründäki çykdajylary 1,46 milliard dollara ýetdi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) web sahypasynda habar berildi.

Ýanwar aýyndaky maliýe hasabatynda munuň ýanwar aýlaryndaky ikinji iň ýokary görkeziji bolandygy aýdylýar. Klublar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen transferleriň sany takmynan 4,7 müň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,6% ýokarlandy.

Fransuz klublary futbolçylar üçin iň köp pul sarp etdiler. Häzirki möçberi (291,9 million dollar) geçen ýylkydan iki esse köp.

Iňlis klublarynyň çykdajylary ýylyň dowamynda takmynan 80% azaldy.

Related posts

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary baş tälimçisini täzeledi

Türkmeny samboçy dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy