BIZNES

Eýranyň kompaniýalary Merkezi Aziýada iri gidrotehniki desgalary gurmaga gyzyklanma bildirýär

Eýranyň kompaniýalary Merkezi Aziýada, şol sanda Gazagystanda iri gidrotehniki desgalary gurmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministrligi habar berýär.

Gazagystanyň suw serişdeleri we irrigasiýa ministri Nuržan Nuržigitow Astana şäherinde Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiýan bilen duşuşdy.

Eýranyň ministri öz ýurdunyň kompaniýalarynyň Merkezi Aziýada, hususan-da Gazagystanda iri gidrotehniki desgalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem eýran tarapy Gazagystana suwaryş suwlary üçin degişli döwrebap tehnologiýalary hödürlemäge taýýardygyny belläp geçdi.

Gazak tarapy Gazagystanyň günorta sebitlerinde – Žambyl, Kyzylorda we Türkestan oblastlarynda şeýle taslamalara zerurlygyň bardygyny belläp, eýranly kompaniýalayr gepleşikleri geçirmäge çagyrdy.

Related posts

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana 3 ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

“Botaş” we “Gazprom” Stambulda tebigy gaz söwda merkezini döreder

Ýo­lö­ten ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň tä­ze desgasy ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri