DÜNÝÄ

Aşgabatda we Maryda Eýranyň prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçiriler

2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry iki şäherde Maryda we Aşgabatda geçiriler. Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar, Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýa – da Mary şäherindäki baş konsullygynda bu saýlawa gatnaşyp, öz seslerini berip bilerler.

Bu iki saýlaw uçastogynda ses berilşik Türkmenistanyň wagtynda irden sagat 08:00 başlap, sagat 18:00 çenli dowam eder. Lotfabad we Aşgabat terminallarynda eýranly sürüjileriň seslerini ýygnamak üçin hem mobil gutusy hereket eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident saýlawlarynyň 1-nji tapgyry geçen hepde geçdi we jenap Masud Pezeşkian we Said Jalili saýlawyň ikinji tapgyryna geçdiler.

Related posts

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däli sammiti Gazagystanda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy