DÜNÝÄ

Ärdogan we Şarif “COP29” maslahatyna gatnaşar

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Şol duşuşykda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň şu ýylyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynda geçiriljek “COP29” ýokary derejeli howa maslahatyna gatnaşjakdygy habar berildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany hem-de Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifi bu halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar bu çakylygy uly kanagatlanma bilen kabul etdiler.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Arkadag şäherine baryp gördi

Tokioda çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi