BIZNES

Eýranda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guralar

Şu ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini we sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak maksayd bilen geçiriljek milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksporta niýetlenilen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň biridigini belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde geçiriljek Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisini ýokary derejede guramak babatda degişli tabşyryklar berdi.

Related posts

OGT 2025: Türkmenistanyň öňdebaryjy energetika forumyna uly gyzyklanma

Ahal welaýatyň häkiminiň London şäherine iş sapary

vepa

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gaz eksportunda öňdebaryjy