BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda aşakdaky lotlar boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bäsleşik yglan edýär.

LOT — №1 Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda 9 gatly, 64 öýli;

— Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli;

— Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli;

— «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak.

LOT — №2 Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli;

— «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 64 öýli;

— «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli;

— Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 13-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Related posts

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ döredildi

Ata Watan Eserleri

52 ülkesinden 145 medya mensubu Antalya’da bir araya geldi

vepa

Türkmenistanda banan we sitrus önümleri öndüriler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment