DÜNÝÄ

Arkadag şäheri ÝHHG-niň möhüm taslamasyna goşuldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Myhman hormatly Prezidentimize wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasy bilen döredilen Arkadag şäheriniň sebitde «akylly» şäherdigini, ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap şertleri özünde jemleýändigini bellemek bilen, bu şäher ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär hem-de daşky gurşaw bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid duşuşykda hormatly Prezidentimize Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy hakyndaky güwänamany gowşurdy.

Related posts

Türkmenistan BMG-ä «Dialog — parahatçylygyň kepili» Kararnamasynyň taýýarlanylmagyny teklip edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Devlet Başkanı, Ulaştırma Bakanı Ahmet Arslan’ı Kabul Etti

vepa

Türkmenistan döwletimiz Kaliforniýa uniwersitetinde tanyşdyryldy

Leave a Comment