BIZNES

Guýulary abatlamak üçin Hytaýdan kämil tehnikalar satyn alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly daşary ýurt göteriji desgalarynyň dokuzysy gelip gowuşdy.

Giň gerimli işleri ýokary talaplara laýyk derejede alyp barmaga niýetlenen «XJ — 450» we «XJ — 650» kysymly bu täze göteriji desgalary trestiň guýulary düýpli abatlamaga mümkinçilik berer.

Ozal baglaşylan şertnama laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyndan gelip gowşan bu köpugurly we kuwwatly göteriji desgalar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda dürli düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.

Olaryň kömegi bilen wagtlaýyn hereketsiz duran we guýynyň içinde gaýry zatlaryň tutulyp galmaklary netijesinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak ygtybarly ýola goýulýar.

 

Related posts

2021-nji ýylyň nyşany taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: gazak işewürleri float aýna satyn aldylar

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Leave a Comment