DÜNÝÄ

Ermenistanyň ýükleri Türkmenistanyň üsti bilen daşalar

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasynyň meseleleri we täze logistika ugurlaryny ýola goýmäk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň wekilleri Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamagyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri baradaky meseläni orta atdylar, şeýle hem göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen işewür-hyzmatdaşly we türkmen ýük daşaýjylaryny tapmakda ýardam bermegi Ilçiden haýyş etdiler.

Ilçi M.Aýazow häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde, şeýle hem bütin dünýäde ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we bu ugurda birmäçe halkara maslahatlaryny geçirmek bilen bagly başlangyçlar bilen çykyş edýändigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty söhbetdeşlerine ýaňy-ýakynda Türkmenistanda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” halkara maslahatynyň we sergisiniň geçirilendigini aýdyp geçdi. Ol şeýle hem, bu maslahatyň dowamynda bütin dünýäden ulag çygrynda öňdebaryjylaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän, ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde bütindünýä söwdasynyň ösüş mümkinçiliklerini we depginlerini hasaba alýan täze mümkinçilikleri hödürländikleri barada belläp geçdi. Şeýle hem bu abraýly ulag forumynyň dowamynda ulag-logistika infrastrukturasynyň halkara söwdasyny ösdürmekde we ýeňilleşdirmekde orny, halkara ulag-üstüşyr geçelgelerini işjeňleşdirmekde we ösdürmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikirleriň alyşylandygyny habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda gürrüňdeşler iki ýurduň arasynda logistik ugurlarynyň ýola goýulmagynyň iki döwletiň hem işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ugrukdyrmaga we mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi