SPORT

Er-Riýad şäherinde Bütindünýä Welosiped gününe bagyşlap geçirlen tigir sürmek çäresi

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap tigir sürmek çäresi geçirildi.

Tigir sürmek çäresine Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we maşgala agzalary hem-de Saud Arabystanynda kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgesi hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamasynyň ähmiýeti barada giňuşleýin maglumat berildi.

Related posts

“US Open”: 18 ýaşly türgen çempion boldy

Leroý Sane “Bawariýa” toparyna geçdi

Transfer täzelikleri: “Çelsi” ýene-de bir futbolçy satyn aldy

Leave a Comment