Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jemal Beker Abduladan Ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Ilçä ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.
***
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýaap Orandan ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.