JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňşi

Şu gün — 17-nji awgustda säher bilen (Aşgabat wagty bilen) söweş sungatynyň garyşyk görnüşi boýunça çykyş edýän türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Professional Fighters League 8» (PFL 8) ýaryşynyň regulýar möwsüminiň ýarymfinalyndaky aýgytlaýjy tutluşygyny geçirdi.

Golliwudda (ABŞ) guralan ýarym agyr agram derejesindäki tutluşykda ildeşimiz awstraliýaly Rob Uilkinsony ýeňlişe sezewar etdi.

3 raund dowam eden tutluşykda eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda Döwletjanyň ýeňiş gazanandygy belli boldy (30–27, 30–27, 30–27).

Munuň söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradowyň 24-nji ýeňşi hökmünde bellige alynandygyny bellemelidiris.

Şeýlelikde, Döwletjan Ýagşymyradow ýaryşyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Türkmen pälwany PFL-iň Gran-prisiniň finalynda Impon Kasanganyň garşysyna çykar. Tutluşygyň anyk senesi soň bellener.

Related posts

AŞTU ýene bir täze hyzmaty hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Parlament saýlawlarynda 60% gowrak saýlawçylar ses berdi