JEMGYÝET

Rekordy täzeledi

Russiýanyň Kirow oblastynda ýaşaýan sekiz ýaşly Wlad Çerepanow atly oglanjyk 11 kilogram agyrlykdaky ştangany ýatan ýerinde 701 gezek ýokary galdyryp, dünýä rekordyny täzeledi. Çagalygyndan aýagyndaky şikes sebäpli ýöräp bilmedik oglanjyk bu täsin rekord bilen dünýäniň ähli mümkinçiligi çäkli çagalary üçin nusgalyk işi bitirdi.

Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, ozalky rekordyň eýesi edil şu agramlykdaky ştangany 210 gezek göteren eken. Wladyň netijesi bolsa ozalky rekorddan üç ýarym esse çemesi ýokar.

Täze rekordyň eýesi Kirow oblastynyň Sowetsk şäherindäki mekdep internatynda okaýar. Bary-ýogy 25 minudyň dowamynda täze rekord goýan oglanjygyň esasy arzuwy Russiýanyň Paralimpiýa ýygyndysynyň agzasy bolup bilmek.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Jemal Saparowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen adyna eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler

vepa