SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow Rob Wilkinson bilen tutluşyga çykar

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow PFL Grand Prix-iň ýarym finalynda ýarym agramly derejede indiki ýaryşyny Awstraliýanyň wekili Rob Wilkinsona garşy geçirer. Bu tutluşyk şu ýylyň 17-nji awgustynda bolar.

Beýleki ýarym finalda bolsa söweş Amerikaly söweşijiler Impa Kasanganaý bilen Joş Silweýranyň arasynda bolar.

D.Ýagşymyradow şu ýylyň 22-nji iýunynda PFL 5 ýaryşynda Kamerunly Simon Biýong bilen bäsleşigi geçirdi. Geçirilen bu bäsleşikde Döwletjan eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiji boldy. Häzir onuň hasabynda 23 ýeňiş, ýedi ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.

Rob Wilkinson soňky tutluşygyny şol bir PFL 5 ýaryşynda Joş Silweýra bilen geçirdi hem-de eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen Joş ýeňlişe sezewar boldy.

Related posts

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Futbolda 5 oýunçy çalyşmak düzgüni

Merkezi Aziýa döwletleri dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär