JEMGYÝET

“Daragt” filmi halkara film festiwalynda eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş Respublikasynyň Çeboksar şäherinde 23-29-njy maý aralygynda XVII Çeboksar halkara kinofestiwaly geçirildi. Onda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Daragt” çeper filmi hem giň tomaşaçylar köpçüligine görkezildi.

Şeýle hem “Daragt” çeper filminiň goýujy kinorežissýory Sahysalyh Baýramow bu halkara kinofestiwala myhman hökmünde gatnaşdy.

Festiwalyň bäsleşik maksatnamasynyň hataryna goşulan “Daragt” çeper filmi Çeboksar halkara kinofestiwalyň eminleriniň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

 

2023-nji ýylda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen bu film türkmen maşgalasynyň durmuşyny açyp görkezýär.

Kinonyň esasy pursatlaryny 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky wakalara emele getirýär. Köp sanly meýletinçiler bilen bir hatarda bu filmiň baş gahrymanynyň adamsy hem urşa gidýär. Oňa bolsa, maşgala ojagyny saklap, köp ýyllaryň dowamynda oňa garaşmak galýar.

 

Durmuşy wakalary özünde jemleýän “Daragt” çeper filmi 27-nji maýda bu kinofestiwalyň çäklerinde görkezildi.

Halkara kinofestiwalda döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary we çagalar üçin köp sanly filmleriň görkezilişi boldy.

XVII Çeboksar halkara kinofestiwalyna hödürlenen ähli filmler surata düşürilen resmi dilinde görkezildi.

Ýene-de okaň

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler