SPORT

Çempionlar ligasy: iňlis toparlarynyň finaly

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Angliýanyň 2 topary duşuşýar. Olar “Mançester Siti” bilen “Çelsi” toparlarydyr. “Mançester Siti” Fransiýanyň “PSŽ” toparyny ýeňen bolsa, “Çelsi” topary ýarym finalda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyny ýeňmegi başardy.

“Çelsi” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan toparlarynyň biri bolan “Real Madrid” toparyny ýeňdi. Angliýadaky jogap duşuşygynda “Çelsi” topary 2:0 hasabynda utup, Çempionlar Ligasynyň finalynda 3-nji gezek gatnaşmak hukugyna eýe boldy. “Çelsi” toparyndan 28-nji minutda Timo Werner, 85-nji minutda bolsa Maýson Maunt tapawutlandy.

Topar ilkinji gezek bu abraýly ýaryşyň finalyna 2012-nji ýylda çykypdy we şonda “Bawariýa” toparyny ýeňip, kubogy gazanypdy. 2008-nji ýylda bolsa, “Çelsi” topary final duşuşygynda ýene-de Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyndan ýeňlipdi.

Bu bolsa toparyň taryhyndaky 3-nji Çempionlar Ligasynyň finaly bolýar.

“Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel bolsa Çempionlar Ligasynyň taryhyna adyny ýazdyrdy. Ol bassyr 2 ýyl yzly-yzyna 2 aýry topary Çempionlar Ligasynyň final duşuşygyna çykarmagy başardy.

3-NJI IŇLIS FINALY

29-njy maýda Stambul şäherinde oýnaljak “Mançester Siti” – “Çelsi” duşuşygy Çempionlar Ligasynyň 3-nji iňlis toparlarynyň finaly bolýar. Mundan ozal final duşuşyklarynda 2008-nji ýylda “Çelsi” – “Mançester Ýunaýted” hem-de 2019-njy ýylda “Liwerpul” – “Tottenhem” toparlary duşuşypdy.

 

Green Card (Grin Kard) boýunça utujylar haçan belli bolýar?

 

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady