SPORT

Çempionlar Ligasy: “Bawariýa” we “Ýuwentus” indiki tapgyra çykdy

Ýewropanyň naýbaşy ýaryşy bolan Çempionlar Ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. “E”, “F”, “G” we “H” toparçalarynda jemi 8 duşuşyk geçirildi. Şolaryň netijesinde, 4-nji tapgyrda garşydaşlaryny ýeňen Germaniýanyň “Bawariýa” bilen Italiýanyň “Ýuwentus” toparlary indiki tapgyra çykmagy başardy.

4 OÝUNDA 4 ÝEŇIŞ

“E” toparçasynda “Bawariýa” topary Portugaliýanyň “Benfika” toparyny 5:2 hasabynda ýeňdi. “Bawariýa” toparyndan 26-njy, 61-nji we 84-nji minutlarda Robert Lewandowski, 32-nji minutda Sergi Gnabri we 49-njy minutda Leroý Sane tapawutlandy.

LEWANDOWSKIDEN REKORD

Şu ýyl “Altyn top” baýragyny gazanmagyna garaşylýan “Bawariýany” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski het-terik etdi. Şeýlelikde, ol Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sanyny 81-e ýetirdi. Lewandowski bu netijäni iň az duşuşyk geçirip (100 duşuşyk) gazanandygy üçin täze redkordyň eýesi boldy.

RONALDO ÝENE-DE TOPARYNY HALAS ETDI

Kristiano Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” topary myhmançylykda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. 2:0 hasabynda ýeňlip barýan “Mançester Ýunaýted” toparyny 45+1-nji hem-de 90+1-nji minutlarda geçiren gollary bilen Ronaldo halas etdi.

“ÝUWENTUS” INDIKI TAPGYRA GYKMAGY BAŞARDY

Italiýanyň “Ýuwentus” topary Russiýanyň “Zenit” toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykmagy başardy. “Ýuwentusyň” gollaryny Paulo Dibala (2), Federiko Kýeza we Alwaro Morato öz adyna ýazdyrdy.

ÇEMPIONLAR LIGASYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“Malmö” 0-1 “Çelsi”

“Wolfsburg” 2-1 “Salzburg”

“Wilýareal” 2-0 “Ýang-Boýz”

“Ýuwentus” 4-2 “Zenit”

“Bawariýa” 5-2 “Benfika”

“Sewilýa” 1-2 “Lill”

“Dinamo Kiýew” 0-1 “Barselona”

“Atalanta” 2-2 “Mançester United”

 

Konte “Tottenhem” toparyna tälim berer

Related posts

20 ýyldan soň ukrain toparlary Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmedi

Türkmenistanyň “Galkan” topary halkara ýaryşa ýeňiş bilen başlady

Pedri indi «Barselonada»