DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary Hytaýa bardy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýyň paýtagty Pekine bardy.

17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçiriler. Bu hyzmatdaşlyk forumy ýylyň dowamynda Hytaýda geçirilýän iň möhüm diplomatik çäre bolup, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň 10 ýyllygynyň çäginde guralýar. Oňa dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we käbir beýleki wekiliýet Baştutanlary çykyş eder. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar