BIZNES

Italýan işewürleri Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda obasenagat tehnikalary we enjamlary, azyk we gaplama senagaty boýunça türkmen-italýan tehnologiýa seminary geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Oňa Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luijio Ferrari, ITA guramasynyň Stambuldaky direktory Rikkardo Landi,” FBR ELPO”, “RICCIARELLI”, “RIMA GROUP”, “RINIERI SRL”, “VIGNETINOX” we beýleki italýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri hem wekilçilik etdiler.

Italiýanyň ilçisi şu çäräniň hem türkmen hem-de italýan işewürleri üçin möhüm meýdança bolup, olaryň tejribe alyşmagy, şeýle hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak babatda hem wajypdygyny belledi.

Şeýle hem duşuşykda Italiýanyň hususy pudagynyň wekilleri çykyş edip, öz alyp barýan işleri barada türkmen tarapyna maglumat berdiler.

Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Italiýanyň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi.

Related posts

Serdar Berdimuhamedov Bakan yardımcısı oldu

vepa

ABŞ-nyň suwuklandyrylan gazy Germaniýa geldi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi