SIZDEN GELENLER

Bilim – kämillige badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän beýik işleri bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki döwürde ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini düýpgöter gowulandyrmak ýaly wajyp işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly ösüşleri gazanmaga ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlara ylmyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň ýol açyldy. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda ädilen ýene bir ädim boldy. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, ähli ulgamlarda döwrebap, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda okatmagyň ähli tapgyrynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz birnäçe dil bilmegiň, diller boýunça taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin möhüm artykmaçlykdygyny nygtaýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaş nesle öwredilýän daşary ýurt dilleri bolan gündogar dillerini okatmak ugrunda hem giň tagallalar edilýär.

Biziň baýry bilim ojagymyzda köp ýyllardan bäri ýaşlara döwrebap şertlerde gündogar dilleri öwredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilip başlandy.

Dünýäniň uly ösüşleri başdan geçirýän döwründe dil bilmegiň peýdasy örän uludyr. Dil ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostana, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine, biri-birine ýakynlaşmaklaryna ýardam berýär. Biziň ýurdumyzda ene dili bilen bir hatarda iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, ýapon, arap, pars we beýleki dillerini öwrenmeklik giňden ýola goýuldy.

Mälim bolşy ýaly, belent ruhly, hemmetaraplaýyn bilimli, aň we beden taýdan kämil, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýady barada hem giňişleýin bellenilipdir. Bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Ýaşaýyş jaý kodeksleri, «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Bagtyýar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.

Firuza Jumaýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sagdyn durmuş – nurana geljek

Dil bilen dünýäni gezer

Ata Watan Eserleri

Bedew at menzil keser

Ata Watan Eserleri

Ekologiýa — ileri tutulýan ugur

Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk