SIZDEN GELENLER

Dil öwrenmek – asylly ýörelge

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny özgertmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, bilimli bolmaklaryny üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda ýaşlara öwredilýän bilim aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim bermek bilen bir hatarda, ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ugrunda hem işler ýola goýulýar. Çünki dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen bir hatarda pikirlenişi ösdürýär, dost-doganlygyň binýadyny kemala getirýär. Şonuň üçin hem dünýä dillerini öwrenmek we ýaşlara öwretmek asylly ýörelgä öwrüldi.

Häzirki wagtda bilim ulgamynda innowasion özgertmeler bilimiň täze mazmunyny emele getirmek, ony ösdürmek, täzeçe guramak işleri güýçli depginde ösdürilýär. Halkara bilim giňişliginde okatmagyň dürli innowasion usullaryny we görnüşlerini, gyzykly usullaryň mysallaryny, meşhur pedagoglaryň usuly ýörelgelerini, okuw usullaryny hem-de sapagyň netijeli guralmagynyň bähbidine gönükdirilýän teklipleri tapmak bolýar. Ýokary bilimdäki innowasiýalar täze mazmuny, usullary, okuw tehnologiýalaryny öz içine alýar. Ine, okatmagyň şeýle täze usullarynyň biri-de tehnologik, pedagogik hem-de mazmun taýdan baý bolan bilim bermekdir. Bu usul pedagogyň okatmak işinde ulanýan tehnologiýasynyň peýdaly we düşündirýän dersiniň täsirli bolmagy üçin gerek bolan bilimler toplumyndan düzülen iş usulydyr.

Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, ata Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar.

Bilim ulgamynda dünýä tejribesinden, bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylda ýurdumyzda bäsdeşlige ukyplylygyň, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň wajyp şerti hökmünde sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň ýüzlerçesi ýetişdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda bitirilýän beýik işler ähli ýaşlarymyzy guwandyrýar.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan egsilmez güýç-gaýrat alýan ýurdumyzyň ýaş nesilleri ylymly-bilimli bolup, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslamalarda, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle beýik pederlerimiziň watanperwerlik nusgasynda, häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda, bilim başarnyklaryny bermek babatda alyp barýan beýik maksatly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gülhan Abdullaýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sagdyn durmuş – nurana geljek

Dil bilen dünýäni gezer

Ata Watan Eserleri

Bedew at menzil keser

Ata Watan Eserleri

Ekologiýa — ileri tutulýan ugur

Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk