BIZNES

Azerbaýjan Ýewropa 3 milliard kubmetr gaz eksport etdi

Azerbaýjan Respublikasy 2025-nji ýylyň 1-nji çärýeginde 6 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi. Bu barada ýurduň energetika ministri Parwiz Şahbazow özüniň “X” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– Hasabat döwründe Ýewropa ugryna 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 3 milliard kubmetr azerbaýjan gazy eksport edildi. Ol hem umumy eksportuň 50 göterimine deňdir. Şol döwürde Türkiýä 2.3 milliard kubmetre tebigy gaz iberilip, “TANAP” gaz geçirijisi arkaly bolsa, 1.4 milliard kubmetre tebigy gaz iberildi – diýip, ministr belläp geçdi.

Ministriň bellemegine görä, Gruziýa 0.7 milliard kubmetr gaz iberilip, bu görkeziji umumy eksportuň 12 göterimine deňdir.

Azerbaýjan 202-nji ýylyň 31-nji dekabryndan bäri Ýewropa tebigy gaz iberýär.

Related posts

Türkmenistan Gazagystandan armatura satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Azerbaýjanyň iň iri gaz üpjünçisi bolmagynda galýar

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi dörediler