MEDENIÝET

Türkmen medeniýeti — Sianda

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guralan konsert şatlykly pursatlara beslendi. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Konsertiň başynda “Türkmen ilinden salam!” atly aýdym-sazly edebi kompozisiýanyň ýaýbaňlandyrylmagy bu ýerde guralan çykyşlaryň dabaraly başlangyjy boldy. Konsertde aýdym-sazlaryň üsti bilen parahat we asuda durmuşyň, mähirli gatnaşyklaryň, halklaryň abadançylyga, sazlaşykly ösüşe bolan gyzyklanmalarynyň wasp edilmegi, aýratyn-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly aýdymyň hytaý dilinde ýerine ýetirilmegi barha pugtalandyrylýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň çeper sungatyň üsti bilen waspy ýetirilýändigini görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň milli sungatynyň dünýäde giňden dabaralandyrylmagy medeniýetiň we sungatyň baglanyşdyryjy güýje eýedigini görkezýär. Munuň özi halklaryň ýakynlaşmagyna we birek-biregiň baý edebi hem-de medeni mirasy bilen tanyşmagyna ýardam berýär.

Hytaý topragynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýokary ruhubelentlige beslenen çykyşlarynda Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri we dost-doganlyk gatnaşyklary beýan edildi. Bu ýerde halk aýdym-sazlary häzirki zaman estrada çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi milli medeniýetimiziň köpöwüşginli häsiýete eýediginiň we milli aýdym-saz sungatynyň žanr babatda baýdygynyň güwäsidir. Konserte gatnaşýan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna ýokary baha berilýändigini äşgär etdi.

Konsertde halkymyzyň buýsanjyna öwrülen bedewleriň hem waspy ýetirildi. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Şeýle hem ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. “Dehistan” folklor toparynyň döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň nyşany bolan gadymy küştdepdi tansyny ýerine ýetirmegi bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda möhüm orun eýelän bu sungat gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreler

Çagalaryň uly dosty

Ata Watan Eserleri

Meniň mugallymym — meniň halypam    

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçiriler

«Galkynyş» topary daşoguzlylara şatlyk paýlady