BILIM

Beýik Britaniýa bilen Türkmenistan bilim hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Beýik Britaniýanyň Kowentri uniwersiteti bilen Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň arasynda onlaýn maslahaty geçirildi.

Bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasyndaky bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyna syn berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar talyp alyş-çalyşygyny, bilelikdäki gözleg başlangyçlaryny we bilim maksatnamalaryny kämelleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrendiler.

Kowentri uniwersitetiniň işewürligi ösdürmek boýunça müdiriniň orunbasary jenap Kristofer Taggyň çykyşy has gyzykly boldy. Jenap Tagg, Kowentri uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny beýan etdi.

Şuňa meňzeş bilelikdäki işler akademiki tejribäni baýlaşdyrmaga, medeni gatnaşyklary ýokarlandyrmaga we ýokary bilimde innowasiýalary ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bu möhüm çäräniň bir bölegi bolany buýsandyryjy waka bolup, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda akademiki bileleşige peýdaly global hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar